Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanda elektron wiza (e-Visa) we onlaýn hasaba alyş ulgamlary tanyşdyryldy
Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy
Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
“Hazar deňzini arassalamak” taslamasy durmuşa geçiriler
Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.
TIF 2026: 45-den gowrak ýurt Aşgabatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşar
1-2-nji oktýabrda Aşgabatda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlaýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre 45-den gowrak döwletden işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda dabaraly ýöriş geçirildi
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda harby ýöriş we dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu giň gerimli çäreler ýurdumyzyň berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.
Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyga gatnaşdy
23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen «Parahatçylyk arkaly abadançylyk: Hazarüsti söwda ýoluna we TRIPP-e maýa goýum» atly çärä gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.