Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Awazada halkara forum geçirilýär
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guraýan giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.
Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli günbatar welaýatynda birnäçe möhüm senagat desgalarynyň düýbüniň tutulyş hem-de açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli günbatar welaýatynda birnäçe möhüm senagat desgalarynyň düýbüniň tutulyş hem-de açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär
Akylly tilsimatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we täze innowasiýalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Sarahs demir ýol menzilindäki Sarahs demir ýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça No.ЖД-001 belgili açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanda «Türkmentel – 2025» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler
Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri sanly taslamalary durmuşa geçirmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda «Türkmentel – 2025» halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.
Hazar deňizinde Türkmenistan infrastruktura we senagat potensialyny giňelder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamammedow her ýyl 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işçileriniň gününe taýýarlyk barada hasabat berdi.
Kraçanyň Tehnologiýa diplomatiýasy instituty bilen bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Waşingtondaky Perdu uniwersitetiniň Kraçanyň Tehnologiýa diplomatiýasy institutynyň ofisinde institutyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan we Germaniýa Frankfurtdа ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde "Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler" atly mowzuklaýyn ilkinji mejlisi geçiriler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.