Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Gümrük işgärleri Emeli aňy gümrük işine ornaşdyrmak boýunça ylmy maslahata gatnaşdylar
Golaýda Gyrgyzystan Respublikasynyň Issyk-Kul welaýatynyň Baet obasynda «Gümrükde emeli aň» atly ikinji halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre, Gyrgyzystan Respublikasynyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan GIZ halkara guramasy ýaly halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde guraldy.

BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksatnamalaryny tassykladylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (UNICEF) ýerine ýetiriji geňeşleri Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça ýurt maksatnamalaryny tassykladylar.

Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine (AHG) agza ýurtlar bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,9 esse artdy. Bu barada sişenbe güni Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berdi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde halkara okuw çäresi geçirildi
2-3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde bikanun deňiz söwdasyna degişli meseleleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi boýunça okuw çäresi geçirilýär. Çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Owganystan, Merkezi Aziýa, Eýran we Pakistan boýunça Sebitleýin merkezi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler
TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylyk komiteti bu forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini resmi taýdan habar berdi. Forum häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler.

Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Türkmen-pakistan üstaşyr hem-de logistika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň federal deňiz işleri ministri Muhammet Junaid Anwar bilen duşuşdy. Duşuşykda sebitiň söwda we ulag arabaglanyşygy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar deňiz portlarynyň üstaşyr hem-de logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalary babatda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri Germaniýada häzirki zaman ammar we logistika çözgütleri bilen tanyşdy
2025-nji ýylyň 24–30 awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň işgärleri bilen bilelikde, Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyryş okuw saparyna gatnaşdy. Çäre «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.