Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16a449e74a9559.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanda ralli-reýd boýunça ýaryşyň jemlerini jemlediler

2026-njy ýylyň 27-nji we 28-nji iýuny aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Jemi uzynlygy 358 kilometr bolan iki günlük ýaryş Garagum sährasynyň iň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

16a44975f274c5.jpeg
1 aý ozal
Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy öz işine geçirildi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) tarapyndan bilelikde guralan «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forum geçirildi. 29–30-njy iýunda Aşgabatda dowam eden forum GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, düzgünleşdiriji düzümleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi.

16a449561eae61.jpeg
1 aý ozal
5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

Arkadag şäheriniň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen ýurduň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäheriň döwrüňdir dünýäniň täzeçillikleri bilen aýakdaş gidýändigini, barha kämilleşýändigini aňladýar.

16a420850b7748.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmek we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde duran wezipeler gözden geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

16a4202d94828e.png
1 aý ozal
GDA ýurtlary "Eurasiacontrol" bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkeziniň taslamasyny maslahatlaşdylar

Türkmenistan hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletler sebitde howa giňişligini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we uçuşlaryň utgaşdyrylyşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen "Eurasiacontrol" bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkezini döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Döwletara awiasiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

16a420251a3177.png
1 aý ozal
“Air Belgium” Aşgabat howa menzili arkaly ýük gatnawlaryny ýola goýar

Belgiýanyň “Air Belgium” awiakompaniýasy Aşgabat Halkara howa menzili arkaly ýük gatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar. Ilkinji gatnawlaryň deslapky meýilnama görä awgust aýynyň başynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

16a41ffc552d61.png
1 aý ozal
BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berdi

Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi we guramanyň Sebitleýin okuw merkeziniň netijeli işini goldamak boýunça mundan beýläk hem ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

16a41faea39989.jpeg
1 aý ozal
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar

Balkan welaýatynda birnäçe günläp dowam eden Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy.

16a3cc01ce112c.png
1 aý ozal
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.

16a3cbbf8cfc83.jpeg
1 aý ozal
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.