Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168455d2246cd7.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan Durnukly ösüş boýunça Tbiliside geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda geçirilen “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşde parahatçylygyň orny” atly Durnukly ösüş boýunça Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

1683fe24960ab1.jpeg
6 aý ozal
ATAOIL Özbegistanyň demir ýol kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili derejesine eýe boldy

«ATAOIL» export ve tarım A.Ş. kompaniýasy «Uzbekiston temir ýullary» paýdarlar jemgyýeti bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama gol çekdi we Özbegistanyň demir ýol kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili derejesine eýe boldy.

1683fdcf6d8ed5.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanda Gurban baýramynda howa maglumaty

Türkmenistanda tomsuň ilkinji günleri howa derejesiniň birbada ýokary galmagy bilen başlandy – käbir welaýatlarda ol +40...+41º çenli ýokalandy. Şeýle yssy howa maý aýynyň ahyrynda bolan mylaýym howa bilen deňeşdirilende has ýiti duýuldy.

1683fdb31bf697.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan Tähranda geçirilen YHG-niň ulag ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti duşenbe güni Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

1683e897fad595.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan bilen Mongoliýa hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 14 sany ylalaşyk baglaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

1683e971a41bcc.png
6 aý ozal
Baglanyşygy berkitmek - Duşanbe şäherinde geçirilen TUTIT + Hytaý koridory boýunça ikinji ýygnak

Golaýda Duşanbe şäherinde "Täjigistan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe" (TUTIT) + Hytaý " multimodal koridorda ýokary derejeli iş toparynyň 2-nji ýygnagy geçirildi.

1683e95de1234b.jpeg
6 aý ozal
Ilkinji Hytaý-Merkezi Aziýa ýük otlusy, 2025-nji ýylda Týanjinin portundan Daşkende ugraýar

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Týanjin portuny Horgosyň üsti bilen Daşkente birleşdirýän ilkinji “Hytaý-Merkezi Aziýa-2025” ýük otlusy üstünlikli ýola çykdy we bu Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda ýollarynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy.

1683e8d85e95cc.jpeg
6 aý ozal
«EKSPO-2025» Osaka: parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň orny baradaky maslahat

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi. Bu maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

1683d4aa70f03a.jpeg
6 aý ozal
Astrahan şäherinde «Suw ulagy ugrunda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulagy meseleleriniň häzirki zaman çözgütlerine we «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

1683d3b512fe3b.jpeg
6 aý ozal
TULM “SKYTAXI-niň” Daşoguz Halkara howa menzilinde tehniki gonuşyna ýardam etdi

Polşanyň “SKYTAXI” awiakompaniýasynyň Boeing 767 ýük uçary 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Daşoguz Halkara howa menziline ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ýük daşama işine gatnaşygyny giňeltmek ugrundaky tagallalarynda möhüm ädim boldy diýip, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.