Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demir ýol meýdançasdaky duýdudyş ulgamy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-050 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda elektron wiza ulgamy ornaşdyrylýar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýusup Ödeýew penşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahatda Türkmenistanyň daşary ýurt raýatlarynyň giriş tertibini ep-esli aňsatlaşdyrjak we ýurda syýahatçylaryňdyr işewürleriň köpelmegine goşant goşjak elektron wiza ulgamyny ornaşdyrýandygyny aýtdy.
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşa badalga berildi
16-njy iýunda paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenabatda «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündizleýin işläp başlady
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenabatda şäher taksisiniň döwrebap hyzmaty – «Onlaýn taksi» işe girizildi. Taksini sargyt etmek üçin 0655 gysga belgä jaň etmek ýeterlik. Hyzmat gije-gündiz elýeterlidir.
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demirýol ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary geňeşiniň 82-nji mejlisiniň çäginde Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda üçtaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan sebitleýin dartgynlylyk şertlerinde üstaşyr gatnawlara ýurda gonmaga rugsat berdi
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämilerine Türkmenistanyň howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak hukugyny berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň ministrleriniň we Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň geçirilmegi boýunça hasabat berdi. Bu Hazar sebitinde ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri boýunça sebitara dialogy berkitmäge gönükdirilendir.
“Aýdyň Gijeler” gün energiýasyndan işleýän ýol yşyklary bilen tanyşdyrdy
Mälim bolşy ýaly, “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisinde öndürip başlan gün energiýasy arkaly işleýän ýol yşyklary ilkinji gezek görkezipdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe gübi habar berdi.
Päkistan Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa ilkinji ýük demir ýol ugruny açýar
Päkistan Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny 22-nji iýunda açar, diýlip sişenbe güni metbugat maslahatynda ýurduň demir ýol ministri Muhammad Hanif Abbasi tarapyndan habar berildi. Otly Lahordan ugrar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.