Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmen gümrükçileri BAE-li kärdeşleri bilen ulag serişdelerini barlamakda tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti şu ýylyň 6 – 8-nji ýanwarynda Dubaý şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň “Jebel Ali” portunda ulag serişdeleriniň innowasion radioişjeň ulgamlar arkaly barlagdan geçirilişi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
Soňky ýyllardaky wakalardyr meýiller halkara we döwletara gatnaşyklarda çynlakaý üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, ählumumy, sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşendigini hem-de Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny görkezýär. Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürlüdir.

Türkmen-eýran serhedinde ulag gatnawyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen-eýran serhedindäki Artyk gözegçilik-geçiriş ýerinde iki ýurduň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Artyk (Türkmenistan) we Lotfabad (Eýran) serhet geçelgeleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi – diýip, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň X sahypasynda habar berilýär.

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady
Ýolagçylardan gelip gowşan ýokary derejeli islegleri doly kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygynda gazananlary netijesinde raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmaga dowam edýär.

6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar
Bütin dünýäde 5G – ykjam aragatnaşygyň täze nesliniň abonentleriniň sany üçünji çärýekde 163 million artyp, 2,1 milliard boldy.

Türkmenistanyň wekili Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnalan halkara maslahata gatnaşdy
Ýakynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy Strategiki Ylmy-gözleg we Derňew Instituty (ISSRA) tarapyndan Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnalan “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu çärede Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri, şeýle hem Päkistanly we daşary ýurtly ykdysady öwreniş hünärmenleri çykyş etdiler.

Siana Hytaý-Ýewropa ýük daşamalarynyň çäklerinde ilkinji otly geldi
Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän ýük otlular Sian bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýärler.

OpenAI robotlary döretmek boýunça hünärmenleriň gözleginde
Emeli aň tehnologiýalarynda özüniň gazananlary bilen tanalýan OpenAI kompaniýasy robotlary işläp taýýarlamak üçin hünärmenleri gözläp başlaýandygy barada habar berdi. Bu karar kompaniýanyň 2020-nji ýylda ýüz öwüren köpugurly robotlary döretmek pikirine gaýdyp gelýändiginiň netijesi boldy.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.