Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168f5c62fd8435.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanda “ITTC-2025” halkara ulag forumy geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly IV halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Şu gezekki forum durnukly ulag ulgamyny ösdürmek hem-de pudagyň sanlylaşdyrylmagy babatynda gazanylýan üstünlikler nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.

168f5c0f85711e.jpeg
7 aý ozal
“Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça ulag-logistika ulgamy pugtalandyrylar

Gecen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Aşgabat şäherine wekiliýetiň başynda gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

168f5c6a771283.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlyk boýunça CIET-2025 forumy geçiriler

Guramaçylar bu forumy ýerli telekeçiler üçin dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esasy platforma diýip atlandyrýarlar.

168f5bbea916ba.jpeg
7 aý ozal
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

168f5b7ea681e9.jpeg
7 aý ozal
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Bu syýasat ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkara guramalar we dünýä jemgyýetçiligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

168f1d4abf0369.jpeg
8 aý ozal
Mary–Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgуra çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň strategiki taýdan möhüm bolan Mary-Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň ahyrky tapgyryna çykandygyny belledi. Bu barada döwlet Baştutany Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda, täze senagat desgasynyň düýbüni tutmak dabarasynda belledi.

168f1ca2790789.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistan ASEAN ýurtlaryny logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Malaýziýanyň halkara söwda we senagat palatasy (Malaysian International Chamber of Commerce and Industry) bilen Malaýziýanyň kiçi telekeçilik konsorsiumynyň (Malaysian Consortium of Mid-Tier Companies) bilelikde guramagynda, ASEAN ýurtlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen, olaryň araçäkleriniň amatly ýol-ulag ugurlaryny öwrenip, gelejekde ony ösdürmek boýunça halkara maslahaty gurnalyp geçirildi.

168f1c8b9c0750.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistan Hazar deňzi arkaly Demirgazyk–Günorta geçelgesiniň ösdürilmeginde mümkinçilik görýär

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

168f1c59a08a2d.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär

Ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

168f1c371dc29e.jpeg
8 aý ozal
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.