Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
1-nji iýunda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Roman Starowoýtyň arasyndaky wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Russiýanyň Ulag ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
«DEMIRÝOLÇY» ÇAGALARA GARAŞÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde bagtyýar türkmen halky parahat zeminde, asuda asmanyň astynda ýaşaýar, hususan-da, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtly ýaşamaklary üçin ähli tagallalary edýär.
Onlaýn döwlet hyzmatlary e.gov.tm portalynyň gerimi giňeýär
Türkmenistanyň e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyñ internet-portalynda Döwlet migrasiýa gullugyna onlaýn ýazylmak ulgamy elýeterlidir. Bu ulgam arkaly biometrik pasport almak ýa-da degişli bölümleriň we müdirlikleriň ýolbaşçylaryna baryp görmegiň öň ýanyndan amatly wagt saýlap bolýar.
Türkmenistan bilen “Newsweek” halkara dialogy ösdürmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.
Logistika hyzmatlary boýunça satuw menejeri hünärine eýe bolmak mümkinçiligi
Logistikada üstünlikli karýera gurmak isleýärsiňizmi!? Onda, sizde aýajyp mümkinçilik döredi! “Maslahatly çözgüt” HJ-niň topary, öňdebaryjy logistika kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Satuw menejeri (Logistika hyzmatlary boýunça)» treninglerine topar ýygymyny yglan edýär!
Türkmenistan YHG agza döwletleriň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy ejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýolbaşçy derejesinde gatnaşdy.
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.