Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167e0eeacccc4d.jpeg
6 aý ozal
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär

2025-nji ýylyñ 30-njy martyndan başlap Stambul bilen Aşgabadyñ arasyndaky gatnawlaryñ sany hepdede 14-e çenli köpeldiler. Bu barada Aşgabatdaky Turkish Airlines awiakompaniýasynyñ wekiliýetinde ORIENT saýtyna habar berdiler. Ozal türk awiadaşaýjysy bellenen ugur boýunça hepdede 11 gatnawlary amala aşyrýardy.

167e0eb8ee6c3e.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşdy. Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.

167e0e850ba3aa.jpeg
6 aý ozal
Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

22-nji martda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

167e0e36d28ff4.jpeg
6 aý ozal
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

167dbabbbcf64b.jpeg
7 aý ozal
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

167dba6cee731a.jpeg
7 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri: Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek zerurdyr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygyny we bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

167dba40d6af4e.jpeg
7 aý ozal
«Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlary görkezildi. 

167dba2671c46c.jpeg
7 aý ozal
Täjigistanda GDA-nyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanýar

Täjigistanda ýurduñ Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiñ çäklerinde Arkalaşygyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanyp başlandy.

167da4d8c449a8.jpeg
7 aý ozal
2024: Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $80 milliondan geçdi

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $80 milliondan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

167da4ac608266.jpeg
7 aý ozal
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.