Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ilerletmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy maksady
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçy wekilleri we işgärleri maslahata gatnaşdylar
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp geçirilen maslahata ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň, şol sanda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýolbaşçy wekilleri we işgärleri gatnaşdylar.
Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
2026-njy ýylda Halkara astronawtika kongresi Türkiýede geçiriler
Halkara astronawtika kongresi (IAC) kosmos ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy forumlarynyň biri bolup, 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 29-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna iki milliondan gowrak myhman gezelenç etdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna iki milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi.
1-nji oktýabrdan Awtokombinat – Gökdepe ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýulýar
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «AWTOKOMBINAT–GÖKDEPE» ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawyny açýar.
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.