Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
15-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy.

«Türkmendemirýollary» agentliginde halkara derejeli okuw maslahaty geçirildi
2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mart aýynyň 13-14 ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndanky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde 19-njy halkara okuw maslahaty geçirildi.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Gruziýa Orta geçelge ady bilen belli Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen geçiren duşuşygynda bu ugruň wajyplygy barada nygtap geçdi. Ol Gruziýanyň strategiki ýerleşişe eýe bolmak bilen, taryhyň dowamynda Ýewropany we Aziýany, Günbatary we Gündogary baglaşdyryp gelýändigi barada aýtdy.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy
12-nji martda Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda guramanyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy.

Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassalygy nobatdaky güwänama bilen tassyklanyldy
13-nji martda häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy — biri-biriniň üstüni ýetirýän parahatçylyk dörediji gurallar
80 ýyl mundan ozal adamzadyň ähli meselelerini çözmekde möhüm binýat hökmünde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Gurama gapma-garşylyklaryň öňüni almak, taraplaryň özara ylalaşygyna, parahatçylyk döredijilikli işleri alyp barmagyna ýardam bermek, parahatçylygyň berkidilmegi üçin şertleri döretmek arkaly öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagalla edýär.

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar
Häzirki günlerde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde ýoluň birinji gaty doly asfaltlanyldy. Onuň ikinji gatynyň gurluşygy hem tamamlanyp barýar, ep-esli böleginde bolsa asfaltyň üçünji gaty hem ýazyldy. Şol bir wagtyň özünde, gurluşykçylar ýoluň ortasyndaky gorag zolagynyň gurluşygyny hem dowam etdirýärler.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Hytaýdan Türkiýä ilkinji üstaşyr konteýner otly düzümini ugradýar
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ (TULM) ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklygy dowam edýär. Bu barada TULM-yň web sahypasynda habar berilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin Hytaý ilkinji ýük otlusyny goýberýär
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu administratiw merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin ilkinji ýük otlusy ugradyldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.