Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlady
25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistan we Belgiýa gümrük hyzmatdaşlygyny giňeltmekçi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow anna güni Brýussel şäherinde Belgiýanyň Gümrük we paç meseleleri boýunça baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaýer bilen duşuşdy.
Mary halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili ýerüsti tehnikany satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda ulag edaralarynyň ygtyýarlyklary giňeldildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pudagyň kanunçylyk düzgünlerine goşmaçalary girizýän “Awtomobil ulagy hakynda” Kanuny tassyklady. Bu resminama awtoulag ulgamyndaky işleri dolandyrýan ugurdaş döwlet düzümleriniň ygtyýarlyklaryny giňeldýär diýlip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edýär
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edýär. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.
«Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäresiniň ýeňijilerini syglaglamak dabarasy geçirildi
23-nji aprelde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniñ, Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniñ we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynyda Türkmenistanda yglan edilen «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäresiniň ýeňijilerini syglaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistan Döwlet serhet gullugyna maglumatlary gaýtadan işlemek we gözegçilik enjamlary gowşuryldy
Merkezi Aziýadaky Serhetleri dolandyryş maksatnamasynyň çäginde (BOMCA 10) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna maglumatlary gaýtadan işlemek we gözegçilik enjamlary berildi.
Türkmenistan 2026-njy ýylda Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň gurluşygyna başlar
Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň täze böleginiň gurluşygyna geljek ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow çarşenbe güni Kuala-Lumpur şäherinde açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynda mälim etdi.
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
23-nji aprelde paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.