Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar.
5G - sanly özgertmelere täze ädim
Döwlet baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, «5G» tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we Arkadag şäherine ornaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk we tehnologiýa alyş-çalyşygy ýola goýuldy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz öňlerinde has belent maksatlary goýýarlar
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga, sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge we olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça zerur işler dowam etdirilýär
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi
23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugruny geçirmegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligine salgylanyp, LS habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugrunyň gurulmagy maslahatlaşmalar tapgyryndadyr. Bu ugur Pars aýlagynyň Internetine çykalgany üpjün eder.
Aşgabatda gümrük işgärleri işewür we ulag pudagynyň wekilleri bilen duşuşdylar
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi. Bu ýere gümrük gullugynyň, demirýol we awtoulag agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, öňdebaryjy ulag-logistika kompaniýalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gümrük dellallarynyň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar.
“Lebapsuwhojalyk” ÖB-ne 41 sany suw göteriji enjamlar gelip gowuşdy
“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigine Slowakiýadan we Gazagystandan 41 sany kuwwatly suw göteriji enjamlar gelip gowuşdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy
Türkmenistan Daşkent şäherindäki “Uzexpocentre” sergi merkezinde 11 – 13-nji martda geçiriljek “Agroworld Uzbekistan 2025” atly 20-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.