Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Ýakynda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär.
Çendu bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady
2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden Hytaýdaky Çendu şäheriniň we Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady. Çenduny Özbegistanyň Daşkent şäheri bilen birleşdirýän bu ugur halkara demir ýol gatnawynda möhüm ädim bolup durýar.
Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça amaly sapaklar geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky “Sanly çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiň binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça amalay sapaklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar
Şu ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar.
Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýörite maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara guramalar bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistan bilen Günorta Koreýa kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň wekilleri kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşyk iki döwletiň sanly giňişligi goramak babatyndaky ünsleriniň artýandygyna şaýatlyk edýär.
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" pirotehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gämiler üçin pirotehniki serişdeleri satyn almak we üpjün etmek boýunça №1 belgili halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň esasy maksady
Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä giňişligindäki nobatdaky ykrarnamasy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.
Türkmenistan Çelýabinskden köprileriň gurluşygy üçin tehnikany import edip başlar
Çelýabinskiň kompressor zawody (ÇKZ) Türkmenistana kompaniýanyň köprileriň we ýollaryň gurluşygy boýunça kompressor desgalaryny getirer. URA.RU saýtynyň habar bermegine görä, kärhananyň wekilleri türkmenistanly mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýdular.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.