Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanda Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk başlanýar
Dekabr aýynda Türkmenistanda giň gerimli täze ýyl çäreleri, şol sanda Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, baýramçylyk konsertleri we medeni maksatnamalar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara foruma taýýarlyk dowam edýär
26-27-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara maslahatyň we serginiň meýilnamasy ýaşyl tehnologiýalaryň integrasiýasy, sanlylyga geçiş, multimodal ulag ösüşi we ekologiýa taýdan arassa logistika, halkara ulag we üstaşyr geçelgeler arkaly özara baglanyşygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly iň möhüm mowzuklaryň toplumyny öz içine alýar.

Türkmenistan we Damen Shipyards deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada maslahatlaşdylar
Golland gämigurluşyk kompaniýasy Damen Shipyards we «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody 18-nji noýabrda deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada gepleşikler geçirdiler, bu barada nCa habar berýär. Duşuşyk Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenbaşy şäherindäki kärhanasyna sapary wagtynda geçirildi.

Türkmenistan bilen ÝB möhüm ulag taslamalary we olary maliýeleşdirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryna we halkara hyzmatdaşlyk arkaly olary maliýeleşdirmek meselelerine garadylar. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maslahatlaşma çarşenbe güni ÝB-niň Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatynyň dowamynda geçirildi.

«RŽD-Medisina» Türkmenistana sapar bilen geldi
Russiýanyň Türkmenstandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Миссия Добро» Halkara programmasynyň çäginde Aşgabada gelen «RŽD-Medisina» klinikalar ulgamynyň lukmanlarynyň delegasiýasy bilen duşuşdy, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň habar beriş gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Düýn — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

«MAGTYMGULY PYRAGY – AK ÝOLLARYŇ ÇYRAGY» ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI
«Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli «Türkmendemirýollary» agentliginiň Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasynyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň publisistik makalalaryny, hekaýalaryny we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, yglan eden «Magtymguly Pyragy – ak ýollaryň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy
Häzirki hyzmatdaşlygyň gün tertibi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasyndaky duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.

Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi
Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.