Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.
TULM "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde ikitaraplaýyn konteýner otly düzümleriniñ gatnawyny amala aşyrýar
Bäsdeşlige ukyply hem-de özüne çekiji ýol nyrhlaryny ulanmak maksady bilen döredilen täze "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ýurtlary we gaýdyşyn ugry boýunça ýükleriñ daşalmagy amala aşyrylýar.
Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
“Euronews”-yň wekiliýeti ýerli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy. Pedro Wargas ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistana meýilleşdirýän sapary barada aýtdy diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girzmegiñ zerurlygy barada aýtdylar
Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.
«Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambula hepdede 11 howa gatnawy amala aşyrar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylara Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 howa gatnawynyň amala aşyrylýandygyny habar berýär.
Gecen ýylda Täze Ýüpek ýoly boýunça konteýner daşamalarynyň dikeldilmegi
2024-nji ýylda Gündogar Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan demir ýolunyň Täze Ýüpek ýoly boýunça 380 000 TEU-dan gowrak ýük daşaldy, şol sanda Hytaýdan gaýdýan konteýner daşamalarynyň esasy bölegi Polşa gönükdirildi. Şunda Germaniýanyň orny nä derejede?
«Start» milli onlaýn ulgamy türkmen halkynyň hyzmatynda
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, tehnologiýanyň we durmuş şertleriniň özara gatnaşygyny has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýola goýlan «Start» milli onlaýn hat habar alyş-çalyş ulgamynyň (messenger) ulanyjylaryň sany barha artýar.
Türkmenistan Tähranda geçirilýän Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar
Türkmenistan 2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilýän III Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna gadam basdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.