Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi
Döwlet Baştutanymyz “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalara gol çekdi

Bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi maslahatlaşdylar
Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

On bir aýda ulag toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy
6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrylýar
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly webinar geçirildi.

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük edaralarynda aragatnaşygyñ netijeliligini ýokarlandyrmak üçin enjamlary aldy
Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasyndan (BOMKA 10) ýöriteleşdirilen kommunikasiýa enjamlaryny aldy.

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär
Golaýda Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torlarynda habar berilýär. Duşuşygyň gün tertibini “COVID-19” pandemiýasy we onuň bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli togtadylan uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy düzdi.

Türkmenistanda aýlyk haklary 20-nji dekabra çenli töleniler
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

«Turkish Airlines-yň» saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň resmi web saýty diňe bir awiapetekleri satyn almak üçin niýetlenen saýt däldir. Bu syýahat etmek isleýänler üçin gerek bolan ähli hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürleýän doly hukukly sanly kömekçidir. Geliň, näme üçin bu saýtyň az-kem wagtyňy sarp edeniňe degýändigi dogrusynda durup geçeliň.

Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gümrükçiler üçin döwrebap bina
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.