Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durky täzelenýär
Häzirki wagtda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan Bamy — Bereket demir ýolunyň relslerini düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
BAGTA UZAÝAN AK ÝOLLARDA TÜRKMENISTAN
Rowaçlyklara beslenýän bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, ata Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryň ýalkymy jahana nur saçýar. Adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollar alyslary ýakynlaşdyrýar, halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar we mähirli gatnaşyklara giň ýol açýar.
Internet ummany türkmen dili bilen baýlaşdyrylýar
Internet ulgamy Bütindünýä tehniki infrastrukturasynyň maglumatlaryny saklaýan we arabaglanyşyk gurnamak üçin halkara birleşdiriji tor hökmünde ýaşaýyş-durmuş ugurlaryna berk we üstünlikli ornaşdy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň gurluşygy ýakyn günlerde tamamlanar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda şol ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygynda badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
BERKARAR DÖWLETIŇ BILIM ÖZGERTMELERI
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Bu talaplar bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir.
TUTANÝERLI ZÄHMET ÜSTÜNLIGE RUHLANDYRÝAR
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň Ulaglary bejeriş ussahanasynda dürli kesp kärli işgärler awtoulaglary ýokary hilli abatlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär.
Howa hereketini dolandyrmak – uçuşlaryň howpsuzlygynyň özeni
1961-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Amstredam şäherinde Howa hereketini dolandyrýjylar birleşiginiň Halkara federasiýasy (IFATCA-International Federation of Air Traffic Controllers' Associations) döredildi.
«Türkmenhowaýollary» müşderilerine mobil goşundysyny hödürleýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy iOS we Android operasiýa ulgamlary üçin öz mobil goşundysyny hödürledi.
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody uly göwrümli ýük gämisini gurar
Türkmenistanda halkara ýük daşamalary bilen meşgullanýan “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody ýük göterijiligi 5 müň 300–8 müň 100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmagy göz öňünde tutýar.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýük gatnawlarynyň gerimini giňeldýär
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwa şäherine yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlaýar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.