Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň özenidir
Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly taryhy ähmiýete eýedir. Bu şanly sene her bir watandaşymyz üçin buýsançly senedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durnukly ösüşiň nusgalyk binýadyna öwrüldi.
Behişdi bedewler – halkymyzyň milli buýsanjy
Ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
MILLI BILIM ULGAMY: ösüşleriň täze döwri
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mumkinçilikler döredilyär.
Bitaraplyk - buýsanjymyz, şan-şöhratymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Dünýä syýasatynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artýar. Halkymyzyň aňyna siňen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bu günki gün alnyp barylýan beýik işlere badalga bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.
«Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»
Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.
Hemişelik Bitaraplygymyz – türkmen diplomatiýasynyň üstünligi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Bitaraplyk taglymaty — halkara gatnaşyklarynyň özeni
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
BEDEW ATLAR – BUÝSANJYMYZ HEM ŞÖHRATYMYZ
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň nurana ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Halkyň saglygy – döwletiň baş baýlygy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» – derwaýys gollanma
Gahryman Arkadagymyzyň: «Sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr» diýen jaýdar jümlelerine berk eýerýäris. Alym Arkadagymyzyň golaýda öz okyjylaryna gowşan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi halkymyzy, esasan hem ýaşlarymyzy diýseň begendirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.