Ekologiýa abadançylygy we tebigy mirasy goramak syýasaty
13-06-25
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge uly ähmiýet berilýär.
Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini we edep-kadalaryny miras goýupdyrlar. Türkmen jemgyýetiniň bu gymmatly däpleri asyrlar boýy kämilleşdirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bu ynsanperwer gymmatlyklar häzirki günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletiň ekologiýa syýasaty arkaly üstünlikli ösdürilýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sebitde hem dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallaryndan ugur alýar.
Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady hem-de ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Bu gaznanyň düzüminde Döwletara utgaşdyryş suw hojalyk topary we Durnukly ösüş boýunça döwletara topar döredildi. Hökümetara suw serişdelerini bilelikde ulanmak, dolandyrmak we goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy (HUSK) döredildi. Munuň esasy maksady:
- suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suw ulanmak boýunça çägini (limitini) tassyklamak;
- suw howdanlarynyň iş tertibini işläp düzmekden;
- suw serişdeleriniň dolandyrmakdan;
- Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmekden we ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler bu günki gün dünýä ähmiýetli örän wajyp meselelere öwrüldi.Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.
Ýurdumyz tarapyndan başy başlanyp, “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. “Suw diplomatiýasy” baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde öz öňünde duran aşakdaky wezipeleri ileri tutýar:
- suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we daşky gurşawy goramak;
- sebitdäki ýurtlaryň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de durnukly ösüş babatdaky guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmek.
Biziň ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşygyna, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhet üsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna agza bolup durýar we şonuň esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan ýokary okuw mekdeplerinde döredilen “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klublary ýurdumyzyň dünýäniň sebit we halkara guramalary bilen bilelikde alyp barýan howanyň üýtgemegine garşy göreş we daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler babatynda ýaşlaryň ekologiýa baradaky syýasy habarlylygynyň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Umuman, bu ugurda geljekde hem oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň günsaýyn pajarlamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Mekan ŞAMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.