Saglyk - ruhy gymmatlyk
26-12-25
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak saglygy goraýyş ugrundaky döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar. Türkmenistan adamy we onuň saglygyny goramak baradaky halkara resminamalara goşulýar we ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ÝUNISEF ýaly guramalar bilen ähli babatda, şol sanda lukmanlaryň hünärini kämilleşdirmek meselesinde hem hyzmatdaşlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir raýatyň we ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşmak ugrunda uly işler amal edilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telewideniýe we radiogepleşikleriň hem-de jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglaryna gatnaýanlaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş-öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirilýär we ýokanç kesellere garşy göreşmek barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adam saglygy hakynda edilýän aladanyň bimöçberdigini gündelik durmuşymyzda aýdyň görmek bolýar. Mundan beýläk-de, adam saglygy bilen baglanyşykly ýetilen sepgitler geljekde hem öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmek üçin esas boljakdygy bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähiminden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Sagdyn ýaşamak ýörelgesine yzygiderli eýerýän, saglyk babatda dogry pikirlenip bilýän adam lukmana diňe barlag we gözegçilik üçin ýüz tutýar. Ol näsaglamagyň öňüni almakda lukmana ýardam berýär... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýşi ýaly, geliň, ömrümiz barada alada edip, saglygymyzy goralyň!
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr.
Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny; sagdyn ilatyň emele gelmegine oňyn täsir edýän şertleriň döredilmegini; keselleriň öňüni almagyň ýokary derejede ösdürilmegini; amaly lukmançylyga täze ylmy açyşlaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyny; ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.
Saglyk gözelligiň sakasydyr. Sagdyn jemgyýet ‒ sagdyn döwletiň özenidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilýän milli maksatnamalar halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň düzüm bölekleriniň biri bolan, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu işler ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Öz halkyny abadançylygyň hem berkararlygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýnagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.