Ylymly-bilimli, bagtyýar ýaşlar

29-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar.

Ylym-bilim her bir ynsan üçin zerurdyr. Ylym-bilimli adamlar durmuşy özgerdýärler, ylmyň täze gazananlary bilen ösüşiň belentliklerine ýetýärler. «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Hut şonuň üçinem ajaýyp zamanamyzda ylym-bilime uly üns berilýär, bu babatda möhüm çözgütler kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň oňyn netije berýändigi bu günki gün hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sargydyny ýaş nesillerimiziň abraý bilen ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ylmynyň we biliminiň rowaçlyklara beslenýän zamanasydyr. Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrap-ardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynda  bilimiň işini milli ýörelgelerimize, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirmek yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalary ýokary depginler bilen ösýär. Dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullarynyň hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.  

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesliň ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygynyň hem aýratyn nygtalmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň işleriniň has-da sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berer.

Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda üstünlik gazanyp, belent sepgitlere ýetip, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak uly güýç bolup durýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, döwletde we jemgyýetde durmuşyň ykdysady, syýasy ugurlaryna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara ýokary ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ulgamynda uly derejelere eýe bolan Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär.

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.