Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Berkarar döwletiň beýik syýasaty rowaçlanýar
Baky bagtyň ýolunda, bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky ýene-de sanlyja günden hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlar. Bu günki gün türkmenistanlylar bagtyýarlygy, eşretli günleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize çäksiz alkyş bilen ýaşaýarlar.
Milli sportuň ýeňişli menzilleri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň barha rowaçlanýan, iri halkara sport ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň abraýy günsaýyn artýar.
Sport — nesilleriň hemrasy
Ösüşlere beslenýän täze taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlanmagyna, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilmegi, bu ugurda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar. Sportuň ynsan saglygyny goramakda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmekde esasy serişdeleriň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ol jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde esasy orun eýeleýär.
ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGESI BARHA ROWAÇLANÝAR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerimiz barha rowaçlanýar.
Sagdyn iýmitlenmek – bagtyýar ýaşaýşyň girewi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.
Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.
SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.