MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY

03-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde sebitde we dünýäde pajarlap ösýän we döwür  bilen aýakdaş gidýän döwlet hökmünde tanaldy. Bu günki ýetýän we ýeten sepgitleri bilen çylşyrymly häzirki zaman dünýäsinde göterilip barýan döwletimizi mundan beýläk galkyndyrmakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny rowaçlandyrmakda maksatlaryň we öňde goýlan wezipeleriň anyk ugry kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz kämil raýat jemgyýetini gurmaga ymtylýan güýçli demokratik  döwleti öz gündelik işinde adamlara gulluk  etmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ukyplydygyny yzygiderli nygtaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet her näçe kuwwatly, gurply bolanda-da, ilatyň ýaşaýyş derejesi döwletde alnyp barylýan durmuş syýasatyna gönüden-göni bagly bolýar” diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler. Türkmenistan Watanymyzda durmuş syýasaty Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”  diýen ýörelgesine esaslanýar. Bu ynsanperwer ýörelge çeperleşdirip aýdanymyzda kök urup, şaha ýaýyp, raýatlara goýy saýasyny salýar, miwesini boldan eçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini goramak ugrunda uly alada edilýändigine aýdyň mysaldyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzyň dabaralanmagy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek bilen kämilleşdirilýän hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Milli demokratiýanyň we kanunçylygyň dabaralanýan döwründe ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini, hukuk sowatlygyny artdyrmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem işjeň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyñ mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.