PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI

03-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işler peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu jähetden, her ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly asylly däbe eýerilip, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy örän buýsandyryjy wakadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň millet hem döwlet, adamzat hem dünýä baradaky garaýyşlarynyň, dünýäniň belent münberlerinden eden çykyşlarynyň, ýazan kitaplarynyň içinden parahatçylyk, ynanyşmak baradaky parasat eriş-argaç bolup geçýändir. Bu aňyrlardan gaýdan güýçdür, nesilden-nesle, atadan-ogla geçip gelýändir. “Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy” diýýän Milli Liderimiz ol mekdebi öz parasadyna ýugrup, ösdürip, döwlet syýasatynyň süňňüne siňdirip geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem bu beýik mekdebi - peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Şu mekdebiň gymmatlyklaryna arka durup, halkymyzy hem döwletimizi beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasat nury siňen, dünýäniň iň abadan, iň rahat ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzy täze ösüşler bilen bezeýär. Bu işler sebitleri, yklymlary - bu gowgaly dünýäni galkyndyryp bilýän, oňa iň dogry ýoly salgy berip bilýän güýje eýedir!

Döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň esaslarynda hem gadymy ýörelgelerimiz durandyr. Bitaraplyk syýasaty berk milli häsiýetlere kök urup ösendir, şoňa laýyklykda, döreýiş hem ösüş gözbaşlaryndan bäri beýleki halklar, döwletler bilen gatnaşyklary sazlaşykly guramaga gönükdirilendir. Hawa, milli ýörelgeler ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda şöhlelenýär. Şol binýada daýanylyp, bitaraplyk öňe sürlendir, döwre görä ösdürilendir, döwlet syýasatynyň özenine, döwletiň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň düzgünine öwrülendir. Bitaraplygy arkaly türkmeni, onuň döwletini dünýä täzeden, has ýakyndan tanady. Türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, parahat durmuşy, ynanyşmagy, adalatly, mert, dostlukly, kämil gatnaşyklary isleýän adamzat üçin nusga boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu waka Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Türkmenistan adam hakyndaky aladany ileri tutup, bu ugurdaky gadymy hem kämil ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýup gelýär. Müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň döwletimiz — ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurt, şunuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, dünýäniň ösüşlerine ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýän ýurt. Dünýä üçin abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny berýän ýurt. Türkmenistan müňýyllygyň kitabyna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Bu gün türkmen topragy täze ösüş döwrüni başdan geçirýär. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň iň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüldi. Parahatçylygy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ösüşleri gazanmagyň, ruhy ýakynlygyň iň ygtybarly ýollary türkmen parasady bilen dünýä aýlanýar. Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! 

Aýgözel ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.