EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI
13-06-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär. Häzirki döwürde jemgyýetimizde ekologik bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreler toplumyny işläp taýýarlamagy döwrüň öňe sürýän wezipeleri hökmünde kesgitleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda, pudagara we sebitara gatnaşyklary amala aşyrmakda awtoulaglaryň ähmiýeti örän uludyr. Awtoulaglar biziň gündelik durmuşymyzda ençeme ýeňillikleri döredýändigine garamazdan, olar atmosfera howasynyň hapalanmagyna täsirini ýetirýär. Awtoulaglardan çykýan zyýanly tüsseler daşky gurşawyň ekologik bozulmalaryna getirýär. Hasaplamalara görä, bir awtoulagyň ýakýan ýangyjynyň howa çykarýan zyýanyny aradan aýyrmak üçin 10 düýp agajyň ösdürilip, ýetişdirilmegi zerurdyr. Awtoulaglaryň zyýanly tüssesi adamlaryň dem alyş ýollarynyň kynlaşmagyna we çykarýan sesleri nerw dartgynlylygynyň döremegine getirýär. Milli hemde ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda şäherleriň hemde obalaryň töwereginde, awtoulag hemde demir ýollaryň ugrunda gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlary bilen ulag ýollarynyň aralygynda oturdylan agaçlar goh-galmagallaryň derejesini 5 - 10 göterim peseldýär. Olar howany kömürturşy gazyndan arassalap, kislorody bölüp çykarýarlar. Şeýle-de «ýaşyl lukmanlar» howadaky tozan bölejikleriniň özboluşly süzgüçleridir.
Agaçlaryň bölüp çykarýan fitonsidleri bolsa howadaky kesel döredijileri ýok etmäge ukyplydyr. Bulardan başga-da, gür baglar howanyň derejesiniň amatly bolmagyna täsir edýär hem-de güýçli ýelleriň tizligini peseldýär.
Biziň ýurdumyzda atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramak babatda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa ýurdumyzdaky täze iri senagat toplumlarynyň biri bolan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawody mysal görkezmek bolar. Bu iri zawod iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan senagat toplumynyň biridir. ECO-93 hereketlendirijiniň gurluşyny üýtgetmezden, awtoulag ýangyjy hökmünde ulanylýar. Kärhana häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawod hökmünde häsiýetlendirilýär.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzda tokay zolaklaryny döredip, howanyň arassa bolmagy, ajaýyp tebigatymyzyň gözel görke gelmegi üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Oguljemal ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallym-owrenijisi.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.