YLYMLY-BILIMLI ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ DAÝANJY
14-06-25

Dünýä ýüzünde günsaýyn özgerýän ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ýeten derejesini özleşdirmek, ony milli tejribede durmuşa geçirmek iň möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykdy. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň özeninde duran ylym-bilim ulgamynda özgertmeler yzygiderli geçirilýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen we düýbi tutulan ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan binýadyny döredip, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär. Elbetde, islendik ugurda bolşy ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde hem kärine kämil hünärmenler zerurdyr. Bu babatda netijeli iş alyp barýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 40-dan gowrak hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Olara tejribeli mugallymlar bu hünärleriň inçe tärlerini öwredýärler. Institutda häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň zamanabap usullarynyň girizilmegi talyplara berilýän bilimiň has netijeli bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Diýarymyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar bir tarapdan ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň geçýän sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmakda hem ýakyn ýardamçydyr. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşini halkara hyzmatdaşlykdaky giň mümkinçilikler kesgitleýär. Döwletleriň arasynda bilim, ylym, medeniýet, söwda-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak zerur bolup durýar. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary ählitaraplaýyn — maddy-enjamlaýyn, ylmy nukdaýnazardan, syýasy-ykdysady gatnaşyklar, amatly ugurlar boýunça giňişleýin öwrenýärler. Ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň bilim edaralary, halkara guramalary bilen tejribeleri öwrenmegiň nazaryýeti boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary geçirilýär.
Görnüşi ýaly Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, şol bir wagtda bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleri we şertleri döredilýär. Şöhratly zamanamyzda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyna güwä geçip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gaýgysyz ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň assistanti.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.