GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN
14-06-25
Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Gallanyň bol hasylynyň ýygnalmagy bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.
Däp bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýylynda hem gallanyň bol hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň her welaýatyna toý sapary bilen baryp galla oragyna başlamaga ak pata berilmegi zähmetkeş babadaýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Ýeri gelen-de aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de döwrebap ýük ulaglarynyň häzirki döwürde ýetişdirilen galla hasylyny kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak işine mynasyp goşant goşýandyklarydyr. Ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň alynmagy azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň netijesinde Türkmenistan azyklyk gallany eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Bu ajaýyp üstünlik döwletimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek baradaky tagallalary, edermen daýhanlarymyz hakyndaky irginsiz aladalarynyň netijesinde gazanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bu bolsa toprakdan alynýan hasylyň ýokarlanmagyny, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyny, şeýlelikde, bazarlarda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Kärendeçi daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini, döwletimiziň bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimizden öz yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Malim bolşy ýaly, golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň oragyna girişdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, bugdaý oragynda ulanylýan ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalarynyň satyn alynmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler hem pudagyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde oba zähmetkeşleriniň, gallaçy kärendeçileriň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Munuň özi daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyrmak bilen, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Galla – durmuş. Hasyl – ýeňiş. Durmuş – bagtyýar. Galla halkyň baýlygy, Watanyň ykdysady kuwwaty. Galla öndürip bilýän ýurt umumyadamzat taryhyna gaýtalanmajak gymmatlyklary goşup bilýän döwletdir. Biziň ýurdumyz hem şeýle bagta eýe bolan döwletdir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.