Habarlar
Habarlar
1659f7d07ead11.jpeg
2 ýyl ozal
IRU: Hytaýyň iri önümçilik merkezi Özbegistan bilen täze TIR ugruny açýar

Şençžen söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eltip bermek möhletini azaltmak üçin Hytaýy Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän TIR (Halkara ýol ulaglary) ulag geçelgeleriniň ösüşini çaltlandyrýar.

16911c6035d84f.png
7 aý ozal
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar.

1659e20e697825.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Jidde we Kuala-Lumpura gatnawlara başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň toruny giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidde hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnaw hyzmatyny berip başlar. Kuala-Lumpur şäheirne gatnawlar 15-nji fewralda, Jidde şäheirne bolsa 16-njy fewralda başlanar.

1659e1ce079656.jpeg
2 ýyl ozal
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

1659e1b2f0548c.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi.

1659e518eab15f.jpeg
2 ýyl ozal
“Eşretli syýahat”: Türkiýä üçin arzan bahaly bilet

Ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýeti Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça arzan bahaly bilet mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawynyň awiabiletiniň bahasy bary-ýogy 490 ABŞ-nyň dollaryna deňdir.

1659d20921999f.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenler taýýarlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

1659d1e502d1cf.jpeg
2 ýyl ozal
«Flydubai» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi

BAE-de iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dubai Aviation Corporation» («Flydubai») kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.

1659bb985a0bc5.jpeg
2 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ gaýtadan halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti merkezleşdirilen duýduryş blokirleme ulgamy (signalizasiýa) we telemehanika ulgamy üçin gerekli enjamlary we abzallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär

1659bb86266681.jpeg
2 ýyl ozal
Ýanwar-noýabr 2023: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 73% ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim ýa-da 311,8 million ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.  

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.