Habarlar
Habarlar
1659e190733926.jpeg
2 ýyl ozal
Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy.

1659794888a2a8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

1659ce21593cc8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

16597866752b89.jpeg
2 ýyl ozal
Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iki täze Kararnamany alty dilde neşir etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ulag arabaglanyşygy we energiýa birikmesi hakyndaky Kararnamalary Guramanyň resmi web sahypasynda alty dilde çap edip ýerleşdirdi diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

1659cce514b896.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

165963640ac69b.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sowgatlyk hem-de ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak üçin döredijilik bäsleşigini yglan edýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sowgatlyk hem-de ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak üçin döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

1659b823ba125e.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

1659632c34302a.jpeg
2 ýyl ozal
Tehnologiýalar dünýäsine syýahat: Aşgabatda DevFest 23 geçirildi

Aşgabatda DevFest 23 maslahaty geçirildi. Bu çärä programmirlemegi öwrenmek isleýänler, tejribeli işläp taýýarlamajylar hem-de IT ulgamy bilen gyzyklanýan ýönekeý adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. 

1659a3cfb071f9.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

1659631a731274.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän «Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelener

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlanýar. Şu karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alnar we gurnalar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.