Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2023-nji ýylda «Astara» terminalyndan 700 müň tonna çemesi ýük daşaldy
2023-nji ýylda Halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň iň möhüm gurluş bölümleriniň biri bolan «Astara» terminalyndan takmynan 700 müň tonna ýük daşaldy.
AŞTU hyzmatlaryň amatly tölegi üçin täze «eKassa» atly ykjam programmasyny işe girizdi
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilere telefon, internet we IPTV hyzmatlarynyň tölegini amatly hem-de ygtybarly tölemäge mümkinçilik berýän täze «eKassa» atly ykjam programmasyny işe girizdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.
Google-yň emeli intellekt modeli açyk matematika meselesiniň täze çözgüdini tapdy
Wiskonsin-Medison uniwersitetiniň we Lion uniwersitetiniň Google DeepMind bilermenleri tarapyndan döredeilen FunSearch emeli intellekt modeli eýýäm ilkinji ylmy açyşy etmegi başardy.
«Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollary» Türkmenistana bergisini üzdi
«Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollary» (RAI) Türkmenistana we Russiýa bergilerini üzdi. Bu barada «Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollary» guramasynyň başlygy Miad Salehi mälim etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary
11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Dublin ýaşaýjylarynyň ulag dyknyşyklarynda geçiren wagty boýunça öňdeligi eýeledi
Irlandiýanyň paýtagty Dublin şäheri ýaşaýjylarynyň geçen ýylda ulag dyknyşyklarynda geçiren wagtynyň sany babatda dünýä şäherleriniň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Barlaglary ýol hereketiniň meselelerini öwrenýän kompaniýa geçirdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
2023-nji ýylyň dekabry: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary özygtyýarly döwletimiziň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
«Duralga» programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sargydy esasynda işlenip düzülen «Duralga» programmasy Türkmenistanyň paýtagtynda awtobuslaryň hereketine onlaýn gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.