Habarlar
Habarlar
Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlar bilen üpjün etmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Intel awtoulaglar üçin emeli intellekt çiplerini öndürýär
Dünýäde iň iri elektron enjamlaryny we kompýuter komponentlerini öndüriji Intel emeli intellekt tehnologiýalaryny awtoulaglarda ulanmaga mümkinçilik berýän çipleri çykarmaga başlandygyny habar berdi.
Bilermen ulag pudagynda global Gün tertibiniň düzülmeginde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini goraýjy Ruslan Jumaýew vestiabad.ru neşiri üçin geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň durnukly ösüşi pudagynda global Gün tertibini düzmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Lebap welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslaryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär. Kurslar Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 74-nji jaýynda ýerleşýän “Tälim” okuw merkeziniň binasynda geçiriler.
Bitarap Diýarymyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak boýunça netijeli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Ermenistan Hindistandan başlap, Eýranyň üstünden geçýän söwda ýoluny gurmagy meýilleşdirýär
Eýranyň üstünden geçip, Ermenistany hem-de Hindistany birikdirýän söwda ugrunyň açylyşy 2024-nji ýylyň maýynda guralar.
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda dowam edýän iş saparynyň barşynda Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy.
2023-nji ýylda Singapur portunda amala aşyrylan konteýner dolanyşygy 39 million TEU barabar boldy we 5 % ösüş bellige alyndy
Singapuryň porty dünýäde iň uly konteýner portlarynyň arasynda ikinji orny eýeläp, onuň 2023-nji ýylyň dowamynda şu ugurda amala aşyran dolanyşygy 39 million TEU barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň netijesi bilen deňeşdirilende, 4,6% artykdyr. Ýylyň ahyrky çärýegindäki ösüş bolsa ýylyň-ýylyna 8% ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow duşenbe güni Kabul şäherinde Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň (ARA) başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tehniki topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.