Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylary üçin wiza tertibini ýönekeýleşdirjek şertnamany taýýarlaýar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýük daşaýjylaryndan halkara awtomobil gatnawlary üçin alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Saglygy goraýyş we sport ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
“Galaxy S24” tanyşdyryldy
“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S24” seriýasyna degişli smartfonlary tanyşdyrdy. Ýapon kompaniýasy “Google” bilen bilelikde “Gemini” atly emeli aň tehnologiýasyny telefona ornaşdyrdy. Şeýlelikde koreý brendi “Galaxy AI” atly emeli aň tehnologiýasyny smartfony ornaşdyryp, bu ugurda dünýäde birinji boldy.
Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan daşary, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary - Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem girişildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.
Belarus 22-nji ýanwardan ÝB-den gelýän ýük awtoulaglaryna girmek we gaýtadan birikdirmek boýunça täze ýygymlary girizer
Belarusyň gümrük gullugy 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan ilkinji 24 sagadyň dowamynda ýükleriň ýüklenýän we gaýtadan birikdirilýän ýerlerine ýük awtoulaglarynyň girmegi hem-de ýerleşdirilmegi üçin ýewropaly daşaýjylardan töleg alyp başlar. Degişli karar 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Belarusyň Ministrler geňeşi tarapyndan kabul edildi.
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde ýük we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini ýokarlanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
2023-nji ýylda Astrahan portlaryndan 4 million tonnadan gowrak ýük daşaldy
2023-nji ýylda Astrahan portlaryndan 4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50% ösüş gazanyldy. Şeýle maglumatlar sebitiň Senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolinskiý tarapyndan berildi.
«Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary döwletleriň rugsatnamalaryny Türkmenistanda berip başlar
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek çäk degişliligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň bölümleri, şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalarynyň rugsatnamalaryny bermek hem-de resmileşdirmek bolsa Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki ulaggözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.