Habarlar
Habarlar
«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty — ýakynlaryňa Täze ýyl sowgadyny ýollamagyň ygtybarly usuly
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylyň-ýylyna hemmeleriň söýýän baýramçylygynyň we onuň dürli çäreleriniň bosagasynda ýokary netijelilikde iş alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
1-nji dekabrda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “COP-28” maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar harytlar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşdy
1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň tranzit boýunça teklibi kontinental söwda gatnaşyklaryny ösdürer
Türkmenistan ulag we logistika hyzmatlarynyň teklibi bilen dünýä bazaryna girýär we bu teklip häzirki wagtda gaty möhüm we ähmiýetlidir. Harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin ykdysady taýdan uly girdejili ugurlary ulanmagy teklip etmek bilen, ýurt sebitdäki söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmegine itergi berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEÝKELLERI – DOSTLUGYŇ NYŞANLARY
2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellenýär. Ýeri gelende aýtsak, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edildi. Dünýä ýüzünde giňden tanalýan türkmen şahyrynyň ýadygärliklerini diňe Türkmenistanda däl, eýsem Russiýada we Türkiýäniň merkezinde-de görmek bolýar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhy bar.
Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen konteýner daşamak üçin täze nyrhlary kesgitledi
Türkmenistan Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen konteýner daşamak boýunça täze nyrhlary kesgitledi. Nyrhlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Bu barada «Trend.az» tarapyndan habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYR OGLY
Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki Magtymgulynyň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.