Habarlar
Habarlar
1656415d537c9c.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara forum geçirildi

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

16566b5f5d3261.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

1675f2a9322c4f.jpeg
1 ýyl ozal
AŞGABATDA ILKINJI GAR ÝAGDY

Gyş pasly – ýylyň iň täsin wagty. Onuň gelmegi bilen bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Gyş bilen baglanyşykly näçe gyzykly maglumatlaryň bardygy hakynda şu güne çenli pikir edip gördüňizmi?

16563970accbd8.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

1656568d904581.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

1675f29869a650.jpeg
1 ýyl ozal
TÄZE ÝYL HAKYNDA GYZYKLY MAGLUMATLAR

Dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde (şol wagt Germaniýanyň bir bölegi, häzirki wagtda Fransiýanyň bir bölegi) arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, peçeniýa we gant bilen bezelipdir.

165639501b6376.jpeg
2 ýyl ozal
«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

165639884b1d11.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy porty arkaly konteýner ýükleri daşamagyň täze tarifleri girizildi

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen tarifleri ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň demir ýol edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

16563b55983f7e.jpeg
2 ýyl ozal
Maglumat merkezi we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sanly köpri – “Türkmenaragatnaşygyň” taslamalary Londonda maslahatlaşyldy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi.

16563b75a41fb7.jpeg
2 ýyl ozal
Howa gatnawy esasynda ýükleriň daşalmagyna isleg artýar

Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň (IATA) maglumatlaryna görä, global raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende sentýabr aýynda 1,9 % ýokarlandy we 20,8 milliard tonna kilometr netije görkezildi. Howa ýük daşalşyna bolan islegiň artmagy yzygiderli ikinji aýa uzady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.