Habarlar
Habarlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda uçuş ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde üç sany täze ugry goşmak we uçuşlary gaýtadan dikeltmek arkaly uçuş ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki awiakompaniýalaryň meýilnamalarynyň we torlarynyň gündelik üýtgeşmelerini täzelemäge ýöriteleşýän “AeroRoutes” portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, täze ugurlar Aşgabat – Abu-Dabi, Aşgabat – Hoşimin (Wýetnam) we Aşgabat – Milan ugurlaryny öz içine alýar.
«Türkmenpoçta»: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Ýylyň ahyrynda, adatça, onuň jemi jemlenýär, şol sanda jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegler hasaplanýar. Häzirki wagtda munuň üçin kän wagt we zähmet gerek däl. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýurduň islendik ilatly nokadynda ýerleşýän bölümine barmak ýeterlikdir. Olarda döwlet hyzmatlary üçin tölegleri tölemek üçin ähli şertler döredilendir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Rus kompaniýasy «Demirgazyk—Günorta» geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistandan Russiýa eltip berme hyzmatyny ýola goýdy
Russiýanyň köp dürli hyzmatly logistika operatory bolan PEK «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda toparlaýyn ýükleri eltip berme hyzmatyny ýola goýdy diýip, Logistic.ru portaly habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.
Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesiniň ösüşi boýunça duşuşyk geçirildi
Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda bu ulag ýolunyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Özbegistanyň demir ýollarynyň» maglumat-seljeriş mediýa merkezi tarapyndan habar berildi.
Arkadag Serdarly ýaşlarymyz ähli ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirýärler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergi öz işine başlady
27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.