Habarlar
Habarlar
165b1e538a858c.jpeg
2 ýyl ozal
Daşoguzda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýy anyklanylýan täze desgalar açyldy

Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň, polisiýa edaralarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi.

165d031c4bec59.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

165b1e3b1ac76e.jpeg
2 ýyl ozal
Baku şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň aeronawigasiýa düzümleriniň ilkinji sammiti geçirilýär

Baku şäherinde "CANSO" ady bilen Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň aeoronawigasiýa düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji sammiti geçirilýär. Bu barada "Azertag" habarlar agentligi mälim edýär.

165cee087d645e.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

165b09e66c9104.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Ýakynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.

165cd9273e886a.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

165b099277bcf4.jpeg
2 ýyl ozal
Daşary ýurt uçarlary Türkmenabat howa menzilinde täjirçilik gonuşyny ýerine ýetirdiler

«MY Freighter» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-200» uçary we «Terra Avia» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400» uçary Türkmenabat halkara howa menziline täjirçilik gonuşyny ýerine ýetirdiler. Bu barada howa menziliniň resmi saýtynda habar berildi.

165cc3f7272d9e.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.

165b097617dd0e.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýlary barlanylýan täze desgalar açyldy

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraplarynyň polisiýa bölümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny barlamaga we hasaba almaga niýetlenen täze desgalar açylyp ulanmaga berildi.

165c99cb82ba79.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr

Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.