Habarlar
Habarlar
1659784416c4ec.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy

4-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

165953985e249b.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär.

16597826d4e6d0.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

16594fc245482a.jpeg
2 ýyl ozal
Aragatnaşykçy ýaşlarymyz ähli ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirýärler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.

165953ba7dfe2d.jpeg
2 ýyl ozal
Dünýäde awtoulaglaryň sanynyň köpelendigine garamazdan, ýol-ulag heläkçiliginiň derejesi peseldi

Dünýäde soňky 13 ýylda ýol-ulag hadysalaryndaky heläkçiligiň derejesi 15 göterim peseldi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatynda mälim edilýär. Bu maglumatlar dünýäniň awtoulag parkynyň geriminiň gitdigiçe giňelýändigine garamazdan, sürüjilik medeniýetiniň ýokarlanandygyny we awtoulaglarda howpsuzlyk tehnologiýalarynyň kämilleşendigini görkezýär.

165962e75da9fa.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar

Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin we Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

165939ceea232b.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäherinde ilkinji gezek Täze ýyl dabaralary geçirildi

Täze ýyl agşamynda Arkadag şäheriniň meýdançasynda aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek köpöwüşginli Täze ýyl çykyşlary boldy. Türkmenistanyň täze şäheri ilkinji gezek ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylaryny we Aşgabat şäherini baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsine gatnaşdy.

16594f91732e4e.jpeg
2 ýyl ozal
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Watanymyzy täze üstünliklere beslär

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýyl tamamlandy.

1659399fca9fc9.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

2024-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça luw ýyly. Geçip barýan ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu şäher halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy.

165939b43d67be.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan täze — 2024-nji ýyly jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylady

Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.