Habarlar
Habarlar
Türkmenistanda awtomobil gatnawlarynyň ösüş depgini ýokarlandy
Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa toplumynda ýerine ýetirilen işleriň umumy ösüş depgini 114,1 %-e ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň saýtynda habar berilýär.
Lebapda ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň ösüşi 3,9 göterim artdy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew 10-njy aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan syýasy geňeşmeler, köp sanly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar, işewürlik gepleşikleri, sergilerdir forumlar, medeni çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Geljegiň magistraly: Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlandy
Türkmenistanda logistika ulgamynda möhüm waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ýoluň işe girizilmegi paýtagtymyzy ýurdumyzyň Gündogar sebiti bilen birleşdirýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň doly tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Awstriýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagy durnukly ösüş ýolunda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, aýratyn hem ulag we aragatnaşyk toplumynda ýokary görkezijiler gazanyldy.
Aragatnaşyk pudagynyň wekilleri Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen boş iş orunlary hödürlemek çäresine gatnaşdylar
8-nji aprelde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlary hödürlemek çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar, senagat desgalary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şu gün bolsa biz Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.