Habarlar
Habarlar
Türkmen wekiliýeti Russiýada geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdy
6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň 7 ýurdundan 3 müň adam gatnaşdy.
Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi
9-njy noýabrda türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy.
Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan bilen Eýran özara syýahatçylygy ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Erkin we ýörite ykdysady zolaklaryň Ýokary Geňeşiniň Sekretariatynyň Medeniýet, durmuş meseleleri we syýahatçylyk boýunça orunbasary M.Mazinaniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
8-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.
Waşingtonda “Merkezi Aziýa – ABŞ” işewürlik maslahaty geçiriler
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti we Kennedi merkeziniň gurnamagynda penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi adyndaky ýerine ýetiriş sungatlary merkezinde işewürlik maslahaty geçiriler. Çäre “C5+1” diplomatik formatynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti sişenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.