Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Türkmenistan we ABŞ maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
Düýn ýurdumyz boýunça Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde baýramçylyk çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär. Gülden görkli, asylly türkmen gelin-gyzlary bolsa, owadan ülkämizde geçýän toý-baýramlaryny bezeýär.
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
“Altyn Asyr” ÝGPJ 5G we 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 5G we 4G+ (şol sanda VoLTE, LTE-Advanced) öýjükli aragatnaşyk üçin kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak, şeýle hem “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hereket edýän mobil ulgamynyň programma üpjünçiligini we tehniki serişdelerini döwrebaplaşdyrmak üçin aşakdaky lotlar boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara bäsleşiklikleri yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi FM radio geçirijileri hem-de antenna-fider gurluşlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar
26-njy martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.