Habarlar
Habarlar
169799627d480f.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan-Azerbaýjan: Hazar we Gara deňiz boýunça ýük daşamalaryny artdyrmakçy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesini ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1697998b277238.jpeg
4 aý ozal
Täze iri üstaşyr howa menzilleri uçuşlaryň geljegini üýtgeder

Ýakyn ýyllarda dünýä awiasiýa pudagy düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirer. Dürli ýurtlarda halkara howa menzillerini açmak we giňeltmek meýilleşdirilýär. Geljekde olar öz sebitlerinde iň iri ulag merkezlerine öwrülip, ýylda onlarça million ýolagça hyzmat edip biler.

1697992614dbf9.jpeg
4 aý ozal
Aşgabatda IIM-niň işgärleri üçin döwrebap kotejler toplumy açyldy

Aşgabat şäherinde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky döwrebap kottejler toplumynyň täze tapgyry ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

169799c71a96c8.jpeg
4 aý ozal
Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat 11-nji fewralda taryhy futbol duşuşygyny kabul eder. Saud Arabystanynyň ägirt kluby “Al-Nasr” ilkinji gezek Türkmenistana sapar edip, AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 final tapgyrynda ýerli çempion “Arkadag” topary bilen duşuşar. Oýun paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçiriler we sebit derejesinde uly gyzyklanma döretmegine garaşylýar. Bu barada Albaniýanyň “Sport Ekspres” sport neşiri habar berýär.

169785976f3480.jpeg
4 aý ozal
“Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşiginden ýokary hilli hyzmatlar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşigi döwrebap awtobuslary bilen ýokary derejeli hyzmatlaryny hödürleýär.

169798e291c090.jpeg
4 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

169798ce3a2072.jpeg
4 aý ozal
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalary döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

16978503a44839.jpeg
4 aý ozal
Geçen ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 21 müň konteýner ýük daşaldy

2025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 müň 320 konteýner ýük daşamasy amala aşyryldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 müň 200 sany konteýner köp daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi anna güni habar berdi.

169784f4d13ad4.jpeg
4 aý ozal
Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşýarlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 26–30-njy ýanwar aralygynda geçiriljek “Gulfood 2026” halkara sergisine “Asly”, “Erem”, “Miwe” we “Tudana” ýaly türkmen kompaniýalary gatnaşýarlar. Bu barada serginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

1697846f93bab5.jpeg
4 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.