Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
30-03-26
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär. “Tech, Entertainment and Culture” atly guralýan bu çäre Hindistanyň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri, medeni mirasy we ylmy-bilim we täze tehnologiki gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gönükdirilendir.
Bu sapara Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýaşlarynyň wekiliýetleri, şol sanda Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryș edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet hem gatnaşýar.
Saparyñ ilkinji günlerinde wekilýet dünýä derejesinde tanalýan öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Indian Institute of Technology Bombay (IIT Bombay) institutyna baryp gördüler. Bu ýerde ýaşlar ylmy barlaglaryň alnyp barlyşy, innowasion tehnologiýalar we häzirki zaman bilim ulgamy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Mumbai şäherindäki maksatnama diňe bir ykdysady we ylmy ugurlary däl, eýsem Hindistanyň baý taryhy-medeni mirasyny hem öz içine alýar. Wekilýet agzalary Elephanta gowaklaryny, Chhatrapati Shivaji Maharaj Vastu Sangrahalaya muzeýini hem-de dünýä belli Gateway of India ýadygärligini görüp, ýurduň gadymy taryhy we medeniýeti barada gymmatly maglumatlar aldylar.
Şeýle hem ýaşlar Hindistanyň dünýä belli kino industriýasy bilen tanyşmak maksady bilen Dadasaheb Phalke Chitranagari Film City kino toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde film önümçiliginiň häzirki zaman mümkinçilikleri, döredijilik prosesi we kino sungatynyň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi.
Saparyň indiki tapgyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň wekiliýeti Hindistanyň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Goa şäherine ugradylar. Bu ýerde wekilýet agzalary ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy we medeni ýadygärlikleri – Basilica of Bom Jesus hem-de Sé Cathedral ýaly binalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem XVII asyrda gurlan Fort Aguada galasy hem-de Hindistanyň iň meşhur kenarlarynyň biri bolan Calangute ýa-da Baga Beach ýaly ýerler görülmegi meýilleşdirilýär.
Goada ýerleşýän National Institute of Oceanography ylmy-barlag institutyna sapar hem maksatnamanyň möhüm bölekleriniň biridir. Bu ýerde gatnaşyjylar Hindistanyň deňiz ylmy boýunça alyp barýan barlaglary, “Blue Economy” ugurlary hem-de kenarýaka ekologiýasynyň goralmagy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşarlar.
Saparyň soňky tapgyry Hindistanyň paýtagty New Delhi şäherinde dowam eder. Bu ýerde wekilýet agzalarynyň Hindistanyň ýaşlar syýasaty boýunça ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Şeýle hem Mera Yuva Bharat ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar guralar we ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler.
Şeýle hem wekiliýet agzalarynyň Hindistanyň taryhy-medeni mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan Humayun’s Tomb ýadygärligine baryp görmegi meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Hindistan bilen tanyşlyk sapary diňe bir ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň arasynda ylmy, medeni we jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle halkara çäreler ýaş nesliň dünýä garaýşynyň giňelmegine, täze pikirleriň we hyzmatdaşlygyň döremegine uly goşant goşýar.
Türkmen wekiliýetiniň tanyşlyk sapary häzirki wagtda dowam edýär.
Atamyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.