Habarlar
Habarlar
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda Owganystandan gelen işewür jemi bahasy 53 million 375 müň ABŞ dollaryna deň bolan “ECO 93” kysymly ulag benzini satyn aldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Annaýew Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ulag, logistika we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze ulag geçelgesini döretmekçi
Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň döwrebap atçylyk sport toplumynda hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Özbegistanda 15 sany türkmen kompaniýasy ulag pudagynda iş alyp barýar
Özbegistanyň ulag we ammarda haryt saklamak pudagynda şu ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna görä türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 15 sany kärhana hereket edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.