Habarlar
Habarlar
«Demirýollary» AGPJ-nyň 7-nji şahamçasy işe çagyrýar
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 7-nji şahamçasy raýatlarymyzy iş bilen üpjün etmek maksady bilen, özüniň şu aşakdaky boş iş orunlaryny hödürleýär:
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew Hökümet mejlisinde pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistan Aşgabat—Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy barada halkara tenderi yglan eder
Türkmenistan Aşgabat—Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy barada halkara tenderi yglan edýär. Taslama diňe bir ýol örtüginiň döwrebaplaşdyrylmagy bilen çäklenmän, eýsem tutuş ýoluň ugrundaky köprileriň gurluşygyny hem öz içine alýar. Bu bolsa çöl üstünden geçýän ýoly ýokary tehnologiýaly ulag geçelgesine öwürer.
Türkmenistanyň hemrasy 1,2 milliarddan gowrak ulanyjy üçin aragatnaşygy üpjün edýär
«TürkmenÄlem 52°E» Türkmenistanyň ilkinji milli hemrasynyň gurşaw zolagy Ýewropany, Ýakyn Gündogary, Demirgazyk Afrikany, Merkezi Aziýany, GDA ýurtlaryny we Aziýanyň birnäçe sebitlerini öz içine alýar. Bu ýerlerde 1,2 milliarddan gowrak adam ýaşaýar.
Türkmenistanda gelin-gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgady gowşurylar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işi dowam edýär
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginde dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamlarynda hem durnukly ösüşiň gazanylandygyny, düzümleýin özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýdyň görkezdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.