Habarlar
Habarlar
169f039cca6e94.jpeg
3 aý ozal
Sanly ulgamy ösdürmegiň geljekki maksatlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ähli pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýalary artdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

169eef628ef2fb.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek we pudak üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem garaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

169f2e92cf0d9f.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.

169eef580e3d73.jpeg
3 aý ozal
Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň resminama binýady döredildi

Döwlet baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, sanly hyzmatlary ösdürmäge we döwletimiziň tehnologik garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirýär.

169eef483d251c.jpeg
3 aý ozal
Gecen 3 aýda Türkmenbaşy portundan üstaşyr ýük daşamalary 10% artdy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda üstaşyr ýük daşamalary 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi penşenbe güni habar berdi.

169f03b60f1185.jpeg
3 aý ozal
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýaryn.

169eef0ef9850a.jpeg
3 aý ozal
Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli anna güni Arkadag şäherindäki ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlardan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

169f03747114f9.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

169eeefd0ecf79.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

169eeeee770730.jpeg
3 aý ozal
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany

Geçen hepde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha artýan depginini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, Watanymyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýanyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.