Habarlar
Habarlar
169eef8da55310.jpeg
3 aý ozal
Demir ýol ulaglary pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen, ylmy esasda, hem-de umumyadamzat ähmiýetli köpugurly ulag düzümi barha kämilleşdirilýär. Gadymy beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde, halkara derejesinde, geljege nazarlaýan, belent ynsanperwerlige ýugrulan işler amala aşyrylýar.

169eeecf37d040.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

169e9ac5594bba.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Çykyşymyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

169e9aaeb132d8.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

169e9aa8fbc365.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

169e86ef190a59.jpeg
3 aý ozal
Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji bölegi bolan Mary — Türkmenabat ugrunyň açylmagy ýurduň ulag-logistika düzümini ösdürmekde möhüm ädim boldy. Dünýä derejesindäki ýol düşeginiň ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, taslama ýoluň doly sanlylaşdyrylmagyny hem öz içine aldy.

169e869e688817.jpeg
3 aý ozal
Owganystan Türkmenistanyň gatnaşmagynda demir ýol halkasyny gurmagy meýilleşdirýär

Owganystan Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Eýran we Pakistan bilen birleşdirjek sebitiň halkalaýyn demir ýol ulgamynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga başlady. Bu barada Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Aziziniň aýdanlaryna salgylanyp, “Ehtebar” agentligi duşenbe güni habar berdi.

169e8686b066b6.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

169e866923e5f7.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanda habar beriş serişdelerinde harytlara galp mahabat edenlere jerime salnar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň görnetin galp mahabat boýunça jogapkärçilige bagyşlanan 3121-nji madda girizilen üýtgetmeler güýje girip başlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanuna 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi.

169e86561ab2c4.jpeg
3 aý ozal
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan, Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.