Demir ýol ulaglary pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde

27-04-26

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen, ylmy esasda, hem-de umumyadamzat ähmiýetli köpugurly ulag düzümi barha kämilleşdirilýär. Gadymy beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde, halkara derejesinde, geljege nazarlaýan, belent ynsanperwerlige ýugrulan işler amala aşyrylýar.

Sebit we yklymlara söwda-ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hem-de syýahatçylygyň ösdürilmegini nazara alyp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny diňe häzirki zaman derejesine däl-de, eýsem geljegi kanagatlandyrýan derejede kämilleşdirilmegiň  zerurlygy döwrüň talaby bolup durýar. Şu ýerde dünýä ylmynda “Ulag we ekologiýa” ulgamynda ulaglaryň daşky gurşawa bolan zyýanly täsirini  azaltmak boýunça ýetilen sepgitler  hem-de geljekde bu babatda adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada maglumatlary seljermekligiň möhümdigini bellemek gerek. Köpugurly ulag ulgamynda demir ýol ulaglary ulanyş we ekologik häsiýetleri boýunça iň ygtybarly ulag hökmünde öz ornuny barha berkidýär. “Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda” Bitarap Türkmenistanyň transmilli, utgaşykly ulag düzüminde demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de pudakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Häzirki döwürde we geljekde ulaglara bildirilýän talaplara aşakdakylary degişli hasap etmek bolar:

  • Içerki we halkara ähmiýetli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň ygtybarlylygy;
  • Hereket edýän düzümleriniň massalaryny we hereket tizliklerini artdyrmagyň mümkinçilikleri;
  • Berlen ulagyň ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen ulanylyş sazlaşygy;
  • Tehniki we tehnologiki ösüş innowasiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri;
  • Ekologiki we ergonomiki talaplara laýyklyk derejesi we ş.m.

Mälim bolşy ýaly, kadaly ýaşaýyş we durmuş şertlerini, ýagny ekologiýa abadançylygy üpjün etmek üçin wajyp, adamzadyň öňünde gaýragoýulmasyz çözgüdine garaşýan meseleler durýar. Şu meseleleriň hatarynda energiýanyň öndüriliş usullarynyň özgerdilmegini, ulag serişdeleriniň oňaýlylaryň ulanylyşynyň artdyrylmagyny hem-de logistikanyň we sanly ulgamyň kämilleşdirilmegini görkezmek bolar. Şeýle hem multimodal ulag düzüminde ulaglaryň degişli ornyny kesgitlemekligi toplumlaýyn çemeleşme esasynda, ýagny funksional-gymmatlyk seljermesi esasynda alnyp barylmagynyň zerurdygyny dünýä ylmy ykrar edýär.

Köpugurly ulag ulgamynda ulaglaryň tehniki-ulanyş we ekologiki häsiýetleri boýunça demir ýol ulaglarynyň geljegi uludyr. Siwilizasiýanyň ösüş esaslarynyň biri hökmünde demir ýol ulaglarynyň  dünýä jemgyýetiniň ykdysady we ekologiki bähbitleriniň ylmy taýdan esaslandyrylýan sazlaşygyny üpjün etmekde ygtybarlylygy ýokarydyr. Demir ýol ulaglary üçin zerur bolan iş meýdany, olaryň sarp edýän energiýasy, daşky gurşawy hapalama derejesi we çykarýan sesi azdyr. Beýleki ulaglar bilen deňeşdirilende iş ygtybarlylygy ýokarydyr. Iki ýolly demir ýollaryň tutýan giňligi 13.7 metr bolanda, alty zolakly awtoulag ýolunyň giňligi 37.7 metre deňdir. Demir ýol ulaglary energiýany suw ulaglaryna seredeňde 2...3 esse, howa ulaglary bilen deňeşdirilende 4...5 esse az sarp edýär.

Ýokarda bellenip geçişi ýaly, dürli howa şertlerinde demir ýol boýunça hereket, beýleki ulaglara görä iň bir ygtybarlylygy hem-de amatlylygy bilen tapawutlanýar. Demir ýol ulagy boýunça ýolagçy gatnawynyň we ýükleriň daşalyşynyň deň amatly şertlerde üç essä çenli arzan düşýändigi bellidir.

Şeýlelikde, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak,  demir ýol ulag düzüminiň massasyny hem-de ortaça hereket tizliklerini artdyrmaga mümkinçilik berýän demir ýollaryny elektrikleşdirmek, elektrik hereketlendirijileri bolan lokomotiwleri ulag düzüminde ulanmak, demir ýol pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak häzirki döwürde we geljekde ykdysady ösüşleriň hem-de ekologiki abadançylygyň esasydyr.

Ýurdumyzda demir ýol pudagyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jumagylyç MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Umbar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedrasynyň mugallymy, 

16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.


16a3223a325389.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.


16a3222b14323b.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.


16a32219b3eaf4.jpeg
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek boýunça toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.


16a30d67ddc842.jpeg
Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasy işe girizildi

Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanda ilkinji gezek “Transport Expedition” (TEX) logistika sanly platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu taslama ýük ugradyjylary (ýük eýelerini), hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny onlaýn görnüşde bir ýerde jemleýän döwrebap köpri bolup hyzmat eder.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.