Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
“AGB Energy”: Transhazar geçelgesi üçin bitewi strategiýanyň bolmagy zerurdyr
Britaniýanyň “AGB Energy” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Rewzin Orta geçelgäniň, ýagny Transhazar ulag geçelgesiniň netijeli ösdürilmegi üçin bitewi we ylalaşylan strategiýanyň bolmagynyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada Sergeý Rewzin Baku şäherinde geçirilen “Hazar we Merkezi Aziýa” atly II nebit söwda-ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” agentligi anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
29-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
IŞEWÜRLIK FORUMY WE SERGISI: uzak möhletleýin dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy
29-njy aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi guralýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gozbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halklarymyzyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly asyrlarboýy ösdürilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine, adamzat ýaşaýşynyň özgermegine özboluşly goşant goşupdyr.
«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler
Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata taýýarlyk işleri batly gadamlar bilen dowam edýär. 24-25-nji maý günlerinde guraljak bu ýubileý forumy Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, binagärlik, gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmaga şert döreder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy "KamAZ 6520" kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin “C” derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.
Türkmenabat halkara howa menzili halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menzili ýöriteleşdirilen awtoulaglary üçin dürli görnüşli tekerleri satyn almak boýunça kotirowka görnüşde halkara bäsleşik yglan edýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.